Samsung 6000mAh kuwwatly we býudjet taýdan amatly 5G smartfonynyň daşky keşbi belli boldy!




Samsung 6000mAh kuwwatly we býudjet taýdan amatly 5G smartfonynyň daşky keşbi belli boldy!


Samsung, býudjet taýdan amatly boljak täze 5G smartfonyndaky işini tizleşdirdi. Samsung Galaxy M15 5G diýlip atlandyrylmagyna  garaşylýan smartfonyň daşky keşpleri belli boldy. çykarylan dizaýnlar netijesinde ekranda damja kenar arkasynda bolsa üç kamera ýerleşdiriler .

Samsung Galaxy M15 5G dizaýn suratlary syzdyryldy.

Bu pudakdaky syzdyryşlary bilen tanalýan Evan Blass ýaňy-ýakynda “Galaxy M15” -iň suratlaryny paýlaşdy. Maglumatlara görä, üç dürli reňk görnüşinde hödürlenjek telefonda S24 maşgalasyna meňzeş dikligine ýerleşýän üç kamera bolar. Şeýle hem, onuň damja kenar ekrany bilen geljekdigini belläliň.

Öň ýaýradylan FCC resminamalaryna görä, Samsung Galaxy M15 5G 6000mAh batareýany öz içine alar. Bu, Hindistanda we Günorta Koreýada alnan öňki sertifkatlara laýyk gelýär. Şeýle hem FCC sanawyna görä Galaxy M15 5G-iň 25W çalt zarýad beriş goldawy bilen gutudan çykjakdygyny tassyklaýar.

6000mAh kuwwatly batareýa, gündelik ulanylanda Galaxy M15 5G üçin ýeterlik boljakdygyny görkezýär. Beýleki tarapdan, 25W çalt zarýad beriş goldawy netijesinde 40-50 minutda doly zarýad alyp bolar.

Beýleki garaşylýan aýratynlyklar 6.5 dýuýmlyk Super AMOLED displeýi we MediaTek Dimensity 6100+ çipsetini öz içine alýar. Kameranyň tarapynda bolsa, 50 Megapiksel esasy datçigiň ýolbaşçylygyndaky üç arka kameranyň boljakdygyny belläliň.

 

“Samsung” entek “Galaxy M15 5G” -ni resmi taýdan yglan etmese-de, syzdyryşlar bilen gün tertibinde galmagyny dowam etdirýär. Öňümizdäki hepdelerde bolsa hödürlenmegine garaşylýar.

Ответить