Eýran Ermenistana eksport edilýän tebigy gazy 2 esse artdyrmagy meýilleşdirýär

Eýran ýakyn wagtda Ermenistana eksport edilýän tebigy gazy 2 esse artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Eýranyň Ermenistandaky ilçisi Mehdi Sobhaniniň sözlerine salgylanyp, «SNN» habar berýär. Bu habar bolsa, «Biznes reklama» gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 22-nji iýulyndaky №30 (1337) sanynyň 8-nji sahypasynda neşir edilen «Eýran Ermenistana her ýyl 360 million kub metr tebigy gazy eksport edýär» atly makalada hem öz beýanyny tapýar.

         Ilçiniň bellemegine görä, geçen ýyl 2030-njy ýyla çenli uzaldylan «Tebigy gazy elektrik energiýasyna alyş-çalyş etmek boýunça» ylalaşyga laýyklykda, her ýyl 360 million kub metr tebigy gaz Eýrandan Ermenistana eksport edilip, onuň deregine elektrik energiýasy import edilýär.

Ответить