Eýran parlamentiniň başlygy: «Russiýa bilen dollarsyz maliýe amallaryny amala aşyrýarys»

Eýran parlamentiniň başlygy Muhammet Bager Galibafyň «Russia Today» teleýaýlymyna beren beýanda: «BRİKS-iň (Braziliýa, Russiýa, Hindistan, Hytaý we Günorta Afrika Respublikasy) tarapyndan döredilen mümkinçilikden ugur alyp, Eýran bilen Russiýanyň arasyndaky ähli maliýe amallary ABŞ-nyň dollary bolmazdan amala aşyrylýar» – diýip belledi. Bu barada Eýranyň «Mehr» habarlar agentliginiň täzeliklerine salgylanyp, «Report.az» elektron neşiri habar berýär.

         Şeýle hem, Muhammet Bager Galibaf: «Biziň umumy bähbitlerimiz bar» – diýip bellemek bilen,  Eýran bilen Russiýanyň arasynda çuňňur hoşniýetli gatnaşyklaryň günsaýyn rowaçlanýandygyny aýtdy.

         Galibaf, BRİKS-e agza ýurtlaryň parlament başlyklarynyň Russiýada geçirilen mejlisine gatnaşdy. Eýran parlamentiniň başlygy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar barada aýratyn durup geçip: «Russiýa eden saparymda, ýurdumyň ýokary lideri Aýatolla Hameneýiniň Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putine iberen hatyny gowşurdym. Iki ýurduň arasynda gaty giňişleýin uzak möhletleýin şertnamamyz bar. Bu şertnama dürli jemgyýetçilik ugurlaryny, ýagny medeni, syýasy, howpsuzlyk we goranyş ugurlaryny öz içine alýar» – diýip belledi.

Ответить