Eýran rus gazyny öz çäginden üstaşyr geçirmäge gyzyklanma bildirýär

Eýran Yslam Respublikasy Russiýa Federasiýasy bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyga we rus gazyny öz çäginden üstaşyr geçirmäge gyzyklanma bildirýär. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kazem Jaloli Astrahanda geçirilen Hazar forumynda žurnalistlere beren beýatynda mälim etdi.

Ol beýanatynda: «Russiýa Federasiýasy bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyga diýseň gyzyklanýarys. Rus gazyny Eýran Yslam Respublikasynyň Eýranyň çäginden geçirmäge taýýardyrys» — diýip belledi.

Ilçiniň sözlerine görä, 2023-nji ýylda Russiýa Federasiýasy Eýran Yslam Respublikasyna daşary ýurt maýa goýumlary boýunça birinji orny eýeledi.

Ответить