Eýrana iberilýän türkmen gazynyň möçberini her ýylda 40 milliard kub metre çenli artdyrmak göz öňünde tutulýar

Düýn – 2024-nji ýylyň 28-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň  Eýran Yslam Respublikasyna bolan iş saparynyň çäklerinde giňişleýin düzümde dowam eden ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy gaz pudagy ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir diýip, nygtady we türkmen tarapynyň Eýrana iberilýän gazyň möçberini her ýylda 40 milliard kub metre çenli artdyrmagy göz öňünde tutýandygyny belledi. Bu maksada ýetmek üçin bar bolan gaz geçiriji infrastrukturany täzelemek, täze desgalary gurmak we munuň üçin maýa goýmak zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň çäginde iki sany täze gaz gysyjy desgany we 125 kilometrlik täze gaz geçirijini gurmagyň meýilleşdirilýändigi aýdyldy. Munuň özi Eýrana iberilýän türkmen tebigy gazynyň goşmaça möçberini «Çaloýuk» gaz ölçeýji desgasyna çenli akdyrmaga mümkinçilik berer.

Ответить