Eýranda howanyň aşa yssylygy sebäpli dynç alyş yglan edildi

Howanyň aşa yssylygy sebäpli, Eýranyň paýtagty Tähranda we Alborz welaýatynda ähli döwlet edaralaryny bir günlük ýapylmaklyk, ýurduň beýleki 13 welaýatynda bolsa sagat 10:00 çenli  işlemeklik karary berildi.

Eýran hökümetiniň Maglumat geňeşi, dynç alyş kararynyň tutuş ýurtda dowam edýän aşa yssy howa sebäpli ilatyň saglygyny goramak maksady bilen kabul edilendigini aýtdy.

Karara görä, Tähran we Alborz welaýatynda tiz kömek hyzmatlaryndan başga, ähli döwlet edaralary we banklar ýapylar. Ýurduň 13 welaýatynda bolsa, ähli döwlet edaralary we banklary sagat 06:00-dan 10:00-a çenli halka hyzmat eder.

Meteorologiki çaklamalaryna görä, Eýranyň günortasyndaky käbir sebitlerde howa temperaturasy 50 dereje, Tähranda bolsa 41 dereje bolar.

Ответить