Eýranyň Prezidenti öz ýurdunyň Russiýa we Hytaý bilen dostlugyna çuňňur sarpa goýýandygyny aýtdy

Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian öz ýurdunyň Russiýa we Hytaý bilen dostlugyna çuňňur sarpa goýýandygyny aýtdy.

         Bu barada Eýranyň «Tehran Times» gazetinde çap edilen Pezeşkianyň bütindünýä jemgyýetçiligine ýüzlenmesinde aýdylýar.

         Ýüzlenmede bellenip geçilişi ýaly Russiýa Eýranyň gymmatly strategik hyzmatdaşy we goňşusy bolup, taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegi we berkitmegi dowam etdirer.

         «Hytaý we Russiýa kyn günlerde bize hemişe goldaw berdiler. Biz bu dostluga çuňňur sarpa goýýarys» — diýlip Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň bütindünýä jemgyýetçiligine ýüzlenmesinde aýratyn bellenilip geçilýär.

Ответить