Forbes žurnaly bütindünýä boýunça milliarderleriň iň köp ýaşaýan 10 şäherini yglan etdi

ABŞ-nyň işewür dünýäsi we maliýe neşiri bolan Forbes žurnaly bütindünýä boýunça milliarderleriň iň köp ýaşaýan 10 şäherini yglan etdi. Maglumatlara görä, bu 10 şäherde dünýädäki ähli milliarderleriň dörtden bir bölegi ýaşaýar.  

Forbes žurnalynyň maglumatlaryna görä,  bütindünýä boýunça milliarderleriň iň köp ýaşaýan ilkinji şäheri ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäheridir. Nýu-Ýork şäherinde 110 milliarder ýaşaýar we olaryň umumy baýlygy 694 milliard dollara barabardyr.

1. ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäheri

Geçen ýyldan bäri ýene dokuz sany täze milliarderiň goşulmagy bilen häzirki wagtda Nýu-Ýork şäherinde 110 milliarder ýaşaýar. Bu şäheriň iň baý milliarderi Maýkl Blumberg. Onuň baýlygy 106 milliard dollar. Nýu-Ýork şäherindäki ikinji baý adam bolsa «Koch Industries» kompaniýasynyň mirasdüşeri Juliýa Koç. Onuň baýlygy 64,3 milliard dollardyr.

2. Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäheri

Sanawda Russiýanyň paýtagty Moskwa ikinji ýerde durýar. Moskwada bir ýylyň dowamynda milliarderleriň sanawyna ýene 12 kişi goşuldy. Häzirki wagtda şäherde 74 milliarder ýaşaýar we olaryň umumy baýlyklary 378 milliard dollar barabardyr. Moskwa şäheriniň iň baý milliarderi Wagit Alekperowdyr. Russiýanyň paýtagty Moskwa şäheri geçen ýyl bütindünýä boýunça milliarderleriň iň köp ýaşaýan şäherleriniň sanawynda 6-njy orundan 2-nji orna geçdi. Şäherdäki milliarderleriň hem bu döwürde 50 milliard dollar baýlygy artdy.

3. Hytaý Halk Respublikasynyň Gonkong şäheri

Hytaý Halk Respublikasynyň Gonkong şäheri Moskwa şäheri bilen birlikde bütindünýä boýunça milliarderleriň iň köp ýaşaýan şäherleriniň sanawynda ikinji ýerde durýar. Ýagny, milliarderleriniň sanawyna soňky bir ýylyň dowamynda ýene dörk kişi goşulan Gonkong şäherinde 74 milliarder ýaşaýar. Şäherdäki milliarderleriň umumy baýlygy 326 milliard dollar. Gonkongdaky iň baý adam bolsa, 37,3 milliard dollar baýlygy bolan Li Ka-şingdir.

4. Hindistan Respublikasynyň Mumbaý şäheri

Jemi 69 milliarder ýaşaýjysy bolan Hindistan Respublikasynyň Mumbaý şäheri şu ýyl Forbes žurnalynyň sanawynda 4-nji ýeri eýeledi. Geçen ýyldan bäri şäheriň milliarderleriniň sanawynda 13 adam köpeldi. Olaryň umumy baýlyklary 379 milliard dollar hasaplandy. Mumbaý şäheriniň iň baý adamy bolsa,116 milliard dollar baýlygy bolan Mukeş Ambanidir.

5. Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäheri

Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekin şäherinde 2024-nji ýylda  63 milliarder bar. Forbes žurnalynyň sanawynda 5-nji ýeri eýelän Pekin şäheri 2021-nji ýylda sanawyň başynda ýer alypdy. Şol wagtdan şu güne çenli şäherde 32 milliarder azaldy. Pekin şäheriniň milliarder ýaşaýjylarynyň sany geçen ýyldan bäri üýtgewsiz galsa-da, olaryň umumy baýlygy 211 milliard dollar hökmünde hasaba alyndy. Pekiniň iň baý milliarderi bolsa 43,4 milliard dollar baýlygy bilen  Çjan Imin boldy.

6. Angliýanyň Londan şäheri

Forbes žurnalynyň habaryna görä, Angliýanyň paýtagty Londonyň milliarder ýaşaýjylarynyň sanawynda geçen ýyldan bäri bir adam azaldy. Bu ýyl Londonda 62 milliarder ýaşaýjy bar. Olaryň umumy baýlygy 326 milliard dollar möçberinde hasaba alyndy. Şäheriň iň baý milliarder ýaşaýjysy 32,1 milliard dollar baýlygy bolan Len Blawatnikdir. London 2022-nji ýylda bütindünýä boýunça milliarderleriň iň köp ýaşaýan şäherleriniň sanawynda 4-nji ýurtdy. Häzirki wagtda London şäherinde ýaşamaýan milliarder bolsa şazada Diana bilen bile ýol heläkçiligi hadysasynda aradan çykan Dodi Faýediň kakasy Muhammet Al Faýeddir. Faýed 2023-nji ýylyň awgust aýynda 94 ýaşynda aradan çykdy.

7. Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäheri

Soňky bir ýylyň dowamynda milliarder ýaşaýjylarynyň sany azalýan şäherleriň biri Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäheridir. Bu şäherde milliarderleriň sany soňky bir ýylyň dowamynda 65-den 54-e çenli azaldy. Şanhaýyň milliarderleriniň umumy baýlygy 167 milliard dollardyr. Şäheriň  iň baý milliarderi 38,9 milliard dollar baýlygy bolan Kolin Huangdyr.

8. ABŞ-nyň Los-Anjeles şäheri

ABŞ-nyň Los-Anjeles şäheri Forbes žurnalynyň sanawynda 8-nji ýeri eýeledi. Bu şäherdäki milliarderleriň sanawynda soňky bir ýylyň dowamynda 19 adam köpeldi. Olaryň umumy baýlygy 222 milliard dollar möçberinde hasaba alyndy. Los-Anjeles şäheriniň iň baý milliarderi hökmünde 13,6 milliard dollar baýlygy bolan Jon Tu  yglan edildi. Los-Anjeles şäheriniň ikinji milliarderi 1,2 milliard dollar baýlygy bolan LeBron Jeýms, üçünji milliarderi 1,7 milliard dollar baýlygy bolan Kim Kardaşýan, dördünji milliarderi bolsa 1,4 milliard dollar baýlygy bilen Rihanna boldy.

9. Singapur Respublikasynyň Singapur şäheri

2024-nji ýylda alty sany täze milliarderi hasaba alnan Singapurda 52 milliarderiň ýaşaýandygy mälim edildi. Forbes žurnalynyň sanawynda 9-njy orunda durýan Singapurdaky milliarderleriň umumy baýlygynyň 156 milliard dollardygy mälim edildi. Şäheriň iň baý milliarderi 28 milliard dollar baýlygy bolan Eduardo Saverin diýlip yglan edildi.

10. ABŞ-nyň San-Fransisko şäheri

ABŞ-nyň San-Fransisko şäheri bütindünýä boýunça milliarderleriň iň köp ýaşaýan şäherleriniň sanawynda 10-njy orundaky şäher boldy. Bu şäherdäki milliarder ýaşaýjylarynyň sanawynda soňky bir ýylyň dowamynda 13 milliarder köpeldi. ABŞ-nyň San-Fransisko şäherindäki milliarderleriň umumy baýlygynyň 185 milliard dollar möçberinde bolandygy mälim edildi. Bu şäherdäki iň baý milliarder 18,3 milliard dollar baýlygy bolan Dustin Moskowitsdir.

Ответить