Fulbraýt Mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek maksatnamasy

Fulbraýt Mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek maksatnamasy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy halkara mugallymlara öz dersleri boýunça tejribe toplamak, mugallymçylyk ukyplaryny ýokarlandyrmak we ABŞ barada bilimlerini artdyrmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri hödürleýän 2022-nji ýyl üçin Mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek maksatnamasy üçin açyk bäsleşlik yglan edýär. Gatnaşýanlar 2022-nji ýylyň ýanwar ýa-da sentýabr aýyndan başlap alty hepdelik maksatnama üçin ABŞ-a syýahat ederler.

Meýilnama şu aşakdakylar bilen üpjün edýär we doly maliýeleşdirýär:

  • J-1 görnüşli wiza goldawy;
  • Gatnaşyjynyň ýaşaýan şäherinden ABŞ-a we onuň içindäki ýol harajatlary (maksatnama gatnaşmak üçin);
  • Waşington şäherindäki tanyşdyryş maslahaty;
  • Okuw maksatnamasy üçin tölegler;
  • Ýaşaýyş jaýy (köplenç beýleki gatnaşyjy bilen paýlaşylýar) we iýmit bilen bagly çykdaýjylar;
  • Betbagtçylyk we syrkawlama ýagdaýlary öz içine alýan lukmançylyk ätiýaçlandyrylşy;
  • Tejribe geçýän mekdebe çenli ulag çykdaýjylary;
  • Akademik maksatnamanyň dowamynda iýmit we garaşylmadyk çykdaýjylar üçin gündelik pul serişdeleri;
  • Kitap / hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin pul serişdesi;
  • Maksatnamanyň dowamynda gidiş-geliş ýol boýunça gatnaşyjylaryň ýany bilen alyp barýan goşlaryna (bagaža) tölenýän tölegler üçin pul serişdeleri;
  • Waşington şäherinde geçiriljek jemleýji maslahat;

Meýilnama kimler gatnaşyp bilerler:

  • Dalaşgärler azyndan 5 ýyl iş tejribeli (doly iş güni), orta mekdeplerde ýa-da bilim merkezlerinde iňlis dili, matematika, tebigy ylymlar ýa-da jemgyýetçilik bilimleri dersleri boýunça mugallymlar bolmaly.
  • 12-18 ýaş aralygyndaky okuwçylary okatmak; goşmaça synp derejelerini okatmaga jogapkär mugallymlar orta ýa-da uly ýaşly mekdep okuwçylaryna iş wagtynyň 50% -den gowragyny sarp eden bolmaly.
  • Maksatnamadan soň bäş ýyllap mugallymçylygy dowam etdirmegi meýilleşdirýän mugallymlar.
  • Meýilnama arza beren wagtynda ýaşaýan ýurtlarynyň raýaty bolmaly.

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:

  • Ýokary bilim (uniwersiteti tamamlandygy) barada diplom ýa-da şonuň bilen deň derejeli resminama
  • Iň azyndan bäş ýyl mugallymçylyk tejribesi
  • TOEFL synagy boýunça zyndan 450 bal (synag meýilnamanyň çäginde hödürlener)

Anketalar

2022 Fulbraýt Mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek maksatnamasy üçin anketalar 2021-nji ýylyň 1-nji maýy, sagat 23:59-a çenli kabul edilýär.

Çeşme: USAID-Turkmenisan

Ответить