Fumio Kisida Merkezi Aziýa 50 sany ýapon kompaniýasyny getirýär

2024-nji ýylyň 9-njy awgustynda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida dürli pudaklara wekilçilik edýän 50 sany kompaniýany öz içine alýan uly wekiliýet bilen Merkezi Aziýa iş saparyny amala aşyrar. Bu barada  Bu barada «aniq.uz» web saýty habar berdi.

Fumio Kisida Gazagystana we Özbegistana sapar gurar, iki ýurduň ýolbaşçylary bilen duşuşar, sebit sammitine gatnaşar we başga-da birnäçe gepleşikleri geçirer.

Ýapon kompaniýalary Merkezi Aziýa kompaniýalary bilen täze şertnamalara gol çekmäge meýil bildirýärler. Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary dekarbonizasiýa, sanly saglyk hyzmatlary we beýleki ösen tehnologiýalary ornaşdyrmakdyr. Ýaponiýa we ýapon kompaniýalaryny Merkezi Aziýa işjeň maýa goýmagy höweslendirmegi maksat edinýär. Bäş ýyllyk 300 milliard ýewro karz bermegi meýilleşdirýär.

Tokio peýdaly magdanlara baý sebitde global gyzyklanmanyň ep-esli ýokarlanmagy sebäpli Merkezi Aziýadaky tagallalaryny güýçlendirýär. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň 8 – 10-njy awgustda Astanada duşuşygy bolar. Çünki, şol ýerde bu sebitiň Prezidentleriniň ýyllyk geňeş maslahaty we «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» sammiti geçiriler.

Ответить