Futboldan daşary işewürlik bilen meşgullanýan 4 sany iň baý futbolçy bellige alyndy

Şan-şöhratly meşhur futbolçylaryň köpüsi öz bu kärinden gazanan girdejisini futboldan daşary işewürlik meşgullanmaga, şahsy hususy kärhanasyny döretmäge, telekeçilikden peýda gazanmaga sarp etdiler. Hut şu nukdaýnazardan-da,  «aniq.uz» web saýty bütindünýä boýunça dört sany iň baý, meşhur işewür futbolçylary bellige aldy.

«aniq.uz» web saýtynyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda bütindünýä boýunça dört sany iň baý, meşhur işewür futbolçylar şu aşakdakylardyr:

  1. Mate Flamini

Baýlygy: 28 milliard dollar («GF Biochemicals» hususy kärhanasy arkaly)

Telekeçilik kärhanasy: Flaminiň futboldan soňky käri diýseň üstünlikli boldy. Ol 2008-nji ýylda Paskuale Granata bilen «GF Biochemicals» hususy kärhanasyny esaslandyrdy. Dürli görnüşli, ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümleriň esasy düzüm bölegi bolan lewulin kislotasynyň önümçiligini ýola goýdy. Kompaniýanyň çalt ösmegi Flamini dünýäniň iň baý öňki futbolçysyna öwürdi.

2. Lui Saha

Baýlygy: 5 milliard dollar ( «Axis Stars» hususy kärhanasy arkaly)

Telekeçilik kärhanasy: Saha türgenlere we oýunçylara ygtybarly platformany üpjün etmek üçin «Axis Stars» hususy kärhanasyny esaslandyrdy. Programma ygtybarly çeşmeleri bir amatly interfeýsde birleşdirýär. Bu hyzmatdan 550-den gowrak öňki hünärmen türgenleriň peýdalanmagy bilen Sahanyň başlangyjy uly meşhurlyga eýe boldy we üstünlik gazandy.

3. Martin Bresweýt

Baýlygy: 287 million dollar (esasan gozgalmaýan emläkden girdeji gazandy)

Telekeçilik kärhanasy: Bresweýt futbol bilen meşgullanmagyndan daşary gozgalmaýan emläkde ep-esli ösüş gazandy. Onuň NYCE kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy gaty girdejili boldy we futboldan alýan gazançlaryndan başga-da ep-esli baýlygyň eýesi boldy.

4. Andres Iniesta

Baýlygy: Millionlarça diýlip çaklanylýar (çakyr öndürmekden we tehnologiýa maýa goýumlaryndan girdeji gazandy)

Telekeçilik kärhanasy: Iniesta özüne miras galan we şahsy baýlygyna goşant goşan Bodega Iniesta maşgala çakyr kärhanasyna eýe boldy. Şeýle hem ol  «FirstVision» kompaniýasyna maýa goýdy.

Ответить