«Galam» dükanlar tory okuw harytlarynyň ähli görnüşlerine arzanlaşyk yglan etdi

Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Galam» mekdep we kanselýariýa harytlarynyň dükanlar tory mekdep okuwçylary üçin zerur bolan harytlaryň ähli görnüşlerine, okuw torbalaryna dürli möçberlerde arzanlaşyk yglan etdi. Bu barada «Rysgal» gazetiniň 2024-nji ýylyň 12-nji awgustyndaky №33 (727) sanynyň «Sanly ulgam» diýlip atlandyrylan 6-njy sahypasynda çap edilen «Okuw harytlarynyň internet saýty» atly makalada habar berildi.

«Galam» dükanlar torunyň www.galam.tm internet saýty we mobil goşundysy ulanyjylar üçin sanly ulgamdaky mümkinçilikleriň gerimini has-da giňeldip, mekdep okuwçylary üçin zerur bolan harytlaryň ähli görnüşlerine, okuw torbalaryna dürli möçberlerde arzanlaşyk yglan etdi.

«Galam» dükanlar tory diňe bir okuwçylar üçin däl, eýsem, islendik ýaşdaky adamlar üçinem zerur bolan kanselýariýa harytlaryny, okuw gollanmalaryny, okuw torbalaryny, depderleriň dürli görnüşlerini, ruçkadyr galamlary, gündelikleri we başga-da köpsanly harytlary amatly bahadan hödürleýär. Okuw esbaplaryny indi onlaýn görnüşde satyn almak biziň üçin uly amatlylyk döredýär. «Galam» dükanlar torunyň resmi web saýtynda hem sargytlary onlaýn görnüşde amala aşyrmak mümkin. Onlaýn edilen sargytlar diňe bir paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň çägine däl, eýsem, welaýatlara hem eltilip berilýär. Munuň üçin sargyt eden wagtyň öz salgyňy girizmek ýa-da operator bilen habarlaşmak ýeterlikdir.

Ответить