Ganada Afrikanyň iň uly nebiti gaýtadan işleýän toplumy gurlar

Gananyň hökümeti Afrikanyň iň uly nebiti gaýtadan işleýän toplumyny gurmak üçin «Petroleum Hub» («Nebit merkezi») taslamasyna başlady. Bu barada RFI radioýaýlymy habar berdi.

Radioýalymda: «ABŞ-nyň 60 milliard dollaryna barabar toplumda 3 sany nebiti gaýtadan işleýän zawod, 5 sany nebithimiýa zawody we 10 million tonna nebit saklaýyş desgasy bar. Taslamanyň önümçilik kuwwaty günde 900,000 barrel nebit. Şeýle hem gaz suwuklandyryş zawodynyň döredilmegi meýilleşdirilýär. Häzirki zaman nebit tankerleriniň ähli görnüşlerini almaga ukyply port gurlar» — diýlip habar berildi.

Meýilnama laýyklykda toplumyň gurluşygyna şu ýylyň sentýabr aýynda ýurduň günorta-günbatarynda ýerleşýän Komoro sebitinde başlanjakdygy we bu taslamanyň 2036-njy ýyla çenli tamamlanjakdygy bellenilýär.

Maglumatlara görä, işler üç basgançakda amala aşyrylar we olaryň hersinde nebiti gaýtadan işleýän zawod gurmak meýilleşdirilýär. 19-njy awgustda başlanan birinji tapgyryň bahasy 12 milliard ABŞ dollary boldy.

Taslamanyň birinji tapgyry, Gana, Hindistan we Hytaý kompaniýalaryny öz içine alýan TCP-UIC konsorsiumy tarapyndan amala aşyrylýar.

Ответить