Gawunyň saglyga peýdasy

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda giňden ulanylyp gelinýän gawunyň bejerijilik häsiýeti barada Abu Aly ibn Sinanyň, Muhammet Huseýiniň we beýleki alymlaryň işlerinde hem giňişleýin beýan edilýär. Gawun, köplenç halatda, gany az ýa-da tapdan düşen hassalara berlipdir. Bu nygmat bagyr kesellerini bejermekde hem peýdalanylypdyr. Böwrekde daş bolanda, gawun çigidini gyzgyn suwda owradyp içipdirler.

Abu Aly ibn Sina gawunyň etini un bilen garyp, ýumşak melhem görnüşinde deri tegmillerini aýyrmakda peýdalanypdyr.

Lukmanlaryň bellemegine görä, gawun iýseň nerw rahatlygyny döredip, keýpiňi çag edýär, şeýle-de, ol Gün şöhlesiniň ýakymsyz täsirini azaldýar. Gawunyň iň bir süýji görnüşi bolan waharmanyň ternesi inçekeseliň, öýken keselleriniň, demgysmanyň dermany hasaplanylýar.

Gawunyň düzümindäki kaliý we С witamini immuniteti güýçlendirip, bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny güýçlendirýär. Ukusyzlykdan ejir çekýänlere hem gawun iýmek maslahat berilýär.

Diýseň süýji tagamy, ýakymly ysy, jana şypalylygy bilen tapawutlanýan gawunlar häzirki tomus paslynda saçaklarymyzyň berekedine bereket goşýar. Goý, ony iýenleriň golaýyna dert gelmesin!

Ответить