Gazagystan awtoulag önümçiligini azaltdy

Gazagystan ýeňil awtoulaglaryň önümçiligini 14,3 göterim, ýük awtoulaglarynyň önümçiligini 24 göterim azaltdy.

         «aniq.uz» web saýtynyň Gazagystanyň Milli statistika býurosynyň täzeliklerine salgylanyp  habar bermegine görä, 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Gazagystandaky awtoulag gurnama zawodlary 57055 sany ýeňil awtoulag öndürdi. Bu 9,496 awtoulag ýa-da geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 14,3% azdyr. Şeýle hem, 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Gazagystandaky döwlet awtoulag kärhanalary tarapyndan 3590 ýük awtoulagy öndürildi. Bu 1132 ýük awtoulag ýa-da geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 24 göterim azdyr.

Ответить