Gazagystan nebit önümçiligini ýokarlandyrmak boýunça taslamalaryň üstünde işleýär

Gazagystan nebit önümleriniň önümçiligini ýokarlandyrmak boýunça taslamalaryň üstünde işleýär. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi içerki bazaryň zerurlyklaryny doly üpjün etmäge hem-de nebit önümlerini goňşy ýurtlara eksport etmäge mümkinçilik berer.

         Gazagystanyň Energetika ministrliginiň berýän maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň 4 aýynda ýurtda 5,9 million tonna nebit gaýtadan işlenildi — bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5,4 göterim köpdür.

         Gazagystan geljekde içerki bazary doly ýerli nebit önümleri bilen üpjün etmek we olary goňşy ýurtlara eksport etmek üçin Aktau bitum zawodynyň ýyllyk kuwwatlylygyny 2025-nji ýylda 1,5 million tonna çenli (häzirki wagtda 1 million tonna), Şymkent nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň ýyllyk kuwwatlylygyny 2030-njy ýylda 12 million tonna çenli (häzirki wagtda 6 million tonna), Atirau nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň ýyllyk kuwwatlylygyny 2027-nji ýylda 6,7 million tonna çenli (häzirki wagtda 5,5 million tonna) hem-de Pawlodar nebit-himiýa zawodynyň ýyllyk kuwwatlylygyny 2030-njy ýylda 8 million tonna çenli (häzirki wagtda 5,5 million tonna) artdyrmagy meýilleşdirýär.

Ответить