Gazagystan almanyň importyny 1,6 esse artdyrdy

“Biznes reklama” gazetiniň şu günki sanynda habar bermegine görä, Gazagystan şu ýylyň birinji ýarymynda almanyň importyny geçen ýylyň degişli döwründäkiden 1,6 esse artdyrdy.

Has takygy, hasabat döwründe gazak bazaryna daşary ýurtlardan getirilen almanyň umumy mukdary 94 müň tonna, umumy bahasy bolsa 40,9 million amerikan dollaryna deň boldy.

Ýylyň birinji ýarymynda Gazagystan Polşadan 46,9 müň tonna (umumy bahasy 23,9 million amerikan dollary), Eýrandan 21 müň tonna (umumy bahasy 7,8 million tonna) we Hytaýdan 13,2 müň tonna (umumy bahasy 4,7 million amerikan dollary) alma import edipdir.

Ýeri gelende bellesek, sentýabr aýynyň başynda Gazagystan awtoulag serişdeleri arkaly ýurduň çägine alma getirmäge çäklendirme girizdi. Munuň sebäbi ýurtda içerki bazary doly üpjün etjek bol alma hasylynyň alnandygy bilen baglydyr.

Ответить