Gazagystanda talyplyga dalaşgärlere göterimsiz karzlar berler

Gazagystanda ýokary bilim üçin göterimsiz karz bermek düzgüni ýola goýlar. Bu barada «Kazinform» habarlar agentligi ýurduň Ylym we ýokary bilim ministri Saýasat Nurbekiň sözlerine salgylanyp habar berdi.

         Habarda maglumat berlişi ýaly, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ulanylýan bu tejribe, ýylyň ahyryna çenli talyplyga dalaşgär Gazagystanyň raýatlary  üçin güýje girer. Ministrlik bu babatda ikinji derejeli banklar bilen hyzmatdaşlykda iş alyp barýar. Häzirki wagtda kanun taslamasy taýýarlanýar.

         «Kazinform» habarlar agentliginiň habaryna görä, mundan ozal parlament deputaty  Ashat Aýagametow gazakystanly talyplary üçin dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetlerinde bilim maksatnamasynyň giňeldilmegi barada çykyş etdi.

Ответить