Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy. Bu barada  «Türkmenistan» gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 29-njy iýulyndaky sanynda neşir edilen «Birža täzelikleri» atly makalada habar berildi.

         Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen dizel ýangyjyny, az kükürtli ýangyç mazudyny, suwuklandyrylan gazy, senagatda ulanmak üçin nahar duzuny («Türkmenhimiýa» döwlet konserni) satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Ukrainanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine tekiz boýalan žakkard tüýjümek önümler ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 723 müň dollaryndan gowrak boldy.

         Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 11 million 995 müň manada deň bolan polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni) we float aýnasyny satyn aldylar.

Ответить