Geçen ýyl «Apple» her sekuntda 3074 dollar girdeji gazandy

«AltIndex» konsalting kompaniýasynyň hünärmenleri geçen ýyl «Apple» korporasiýasynyň her sekuntda ortaça 3074 amerikan dollaryny gazanandygyny hasapladylar.

Bu dünýädäki bäş öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýasynyň arasynda, ýagny GAFAM diýlip atlandyrylýan toparda («Google», «Apple», «Facebook», «Amazon» we «Microsoft») iň gowy görkezijidir.

2023-nji ýylyň ahyrynda iň uly bäş korporasiýanyň umumy girdejisi 1,6 trillion amerikan dollary we arassa girdejisi 290 milliard amerikan dollary boldy. Umumy girdejiniň üçden bir böleginden gowragy «Apple» korporasiýasyna degişlidir — bu GAFAM toparyndaky iň ýokary görkezijidir.

2023-nji ýylda «Apple» her sekuntda gazanýan girdejisini bu görkeziji boýunça iň ýakyn bäsdeşleri bolan «Microsoft» (2443 amerikan dollary) we «Alphabet» (2115 amerikan dollary) kompaniýalarynda ep-esli ýokarlandyrdy. Şeýle hem gözlegçiler 2023-nji ýylda bir amerikan maşgalasynyň ortaça ýyllyk girdejisini — 75000 amerikan dollary gazanmak üçin «Apple» korporasiýasyna bary-ýogy 24,4 sekunt wagtyň gerek bolandygyny bellediler.

Ответить