«General Mills» ABŞ-daky we Kanadadaky ýogurt önümçiligini 2,1 milliard amerikan dollaryna satdy

«General Mills» ABŞ-daky we Kanadadaky ýogurt önümçiligini Fransiýanyň «Lactalis» we «Sodiaal» kompaniýalaryna satdy. Söwdanyň jemi bahasy 2,1 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Bu barada «Biznes reklama» gazetiniň şu günki sanynda habar berdi.

«General Mills» kompaniýasynyň ýaýradan metbugat beýanatyna görä, onuň ABŞ-daky ýogurt önümçiligi «Lactalise», Kanadadaky ýogurt önümçiligi bolsa «Sodiaala» satyldy.

Satuw ylalaşygy «Yoplait», «Liberte», «Go-Gurt», «Oui» we «Mountain High» ýaly birnäçe ýogurt brendlerini, şeýle hem ABŞ-nyň Tennessi we Miçigan ştatlarynda we Kanadanyň Kwebek sebitinde ýerleşýän önümçilik desgalaryny öz içine alýar.

Ýeri gelende bellesek, tamamlanan maliýe ýylynda «General Millsiň» Demirgazyk Amerikadaky ýogurt söwdasyndan alan girdejisi 1,5 milliard amerikan dollaryna deň bolupdy.

Ответить