Gök-bakja önümleriniň «Bereket» haryt nyşanly gaplamalary ekologiýa taýdan arassa hem tebigy

Gök-bakja önümleriniň «Bereket» haryt nyşanly gaplamalary ekologiýa taýdan arassa hem tebigy önümlerdir. Bu barada «Rysgal» gazetiniň 2021-nji ýylyň 29-njy iýulyndaky №31 (725) sanynyň 4-nji sahypasynda çap edilen «Önümçilik depgini ýokarlandyrylýar» atly makalada habar berildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Ogulsoltan Nazarowa hem Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň çäginde ýerleşýän önümçilik kärhanasynda gök-bakja önümlerinden gaplamalary taýýarlamak işini alyp barýar. Kärhanada daşary döwletleriň kämil tehnologiýaly enjamlarynyň doly ornaşdyrylmagy önümçilik depginini ýokary derejede saklamaga we köp görnüşli önümleri taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Anyk mysallara ýüzlensek, telekeçi zenana degişli bolan kärhanada duzlanan hyýar, pomidor, marinadlanan bakjalar ýaly önümleriň jemi 18 görnüşi taýýarlanylýar. Bu ýerde her aýda 480, 800 hem-de 900 gramlyk şertli bankalara gaplanan önümleriň 8 — 10 müňden gowragy öndürilip, olaryň ählisi-de ekologiýa taýdan arassa hem tebigy önümlerdir. Önümçiligiň şeýle depgini ýokarda aýdanlarymyzy aýdyňlygy bilen tassyklaýan bolsa gerek. «Bereket» haryt nyşany bilen köpleriň ünsüni özüne çekýän önümler ýylyň ähli döwründe diňe bir welaýatyň çägindäki däl, eýsem, beýleki sebitlerdäki, paýtagtymyzdaky söwda nokatlaryna, ak bazarlara yzygiderli ýetirilip durulýar.

Ответить