«Google» kompaniýasy «Wiz» startapyny 23 milliard amerikan dollara satyn almagy meýilleşdirýär

«Google» kompaniýasy bulut howpsuzlygyny üpjün ediji bolan «Wiz» startapyny 23 milliard amerikan dollara satyn almagy meýilleşdirýär. Bu rekord görkezijidir. Ýeri gelende bellesek, «Wiziň» hyrydarlarynyň arasynda «Google» kompaniýasyndan başga-da, «Amazon» we «Oracle» ýaly kompaniýalar hem bardyr.

         «Google Cloud» 2023-nji ýylda hem bulut howpsuzlygyny kämilleşdirmek üçin umumy bahasy 6 milliard amerikan dollaryna deň bolan iki sany startapy satyn alypdy.

         «Google» kompaniýasynyň «Wiz» startapyny 23 milliard amerikan dollara satyn almagy meýilleşdirýändigi baradaky täzeligi «Biznes reklama» gazeti habar berýär.

Ответить