«Gündogar şöhlesi» topukçaly syýagalamlaryň her aýda 2 million töweregini öndürýär

«Gündogar şöhlesi» hojalyk jemgyýeti topukçaly syýagalamlaryň her aýda 2 million töweregini öndürýär. Bu barada «Rysgal» gazetiniň 2021-nji ýylyň 29-njy iýulyndaky №31 (725) sanynyň 5-nji sahypasynda çap edilen «Ýönekeýlik, rahatlyk, gelşiklilik» atly makalada habar berildi.

«Gündogar şöhlesi» hojalyk jemgyýeti gündelik ýazuw işleri üçin niýetlenen durmuş esbaplarynyň köpçülikleýin önümçiligini ýola goýdy. Bu önümçilikde esasan syýagalamlara aýratyn orun degişlidir.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän «Gündogar şöhlesi» hojalyk jemgyýetiniň önümçilik desganyň önümçilik kuwwatlylygy her aýda topukçaly syýagalamlaryň, takmynan, 2 million töweregini öndürmäge mümkinçilik berýär.

Bu kärhana ýurdumyzyň ak bazarlaryna, söwda nokatlaryna we dükanlaryna öndürýän syýagalamlarynyň uly tapgyryny hödürleýär. Şeýle-de bu önümiň daşary ýurtlara eksportynyň ýola goýlandygyny bellemek bolar.

«Rysgal» gazetinde beýan edilişine görä, «Gündogar şöhlesi» hojalyk jemgyýetiniň  öndürýän topukçaly syýagalamlarynyň täsin tarapy onuň içinde syýadanyň ýokdugy bilen düşündirilýär. Bu ýazuw esbaby ýasalanda, syýa gönüden-göni onuň göwdesiniň içine guýulýar-da, gapak dakylýar. Bu göwde we gapak Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawody tarapyndan öndürilýän polipropileniň hasabyna hojalyk jemgyýetiniň özünde ýasalýar. Häzirki wagtda bu ýerde üç görnüşli — tegelek, altyburç we üçburç göwdeli topukçaly syýagalamlaryň önümçiligi alnyp barylýar. Syýagalamlar gyzyl, gök, ýaşyl we gara syýalar bilen doldurylyp, olar ýönekeýligi, ulanmaga rahatlygy we ýumşak ýazýandygy bilen özüne çekýär

Ответить