Gurbandurdy Begenjow «Türkmenistan» teleýaýlymynyň başlygy wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ýagmyr Döwletmyradowiç Nuryýew, saglyk ýagdaýy sebäpli, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan» teleýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gurbandurdy Jumaberdiýewiç Begenjow Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan» teleýaýlymynyň başlygy wezipesine bellenildi.

Ответить