Güýz paslynyň sagdyn durmuş ýörelgeleri

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi türkmen milli metbugatynda Güýz paslynyň 12 sany sagdyn durmuş ýörelgelerini çap etdi. Olar şu aşakdakylardyr:

1. Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli, arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda içmeli;

2. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly;

3. С witaminine — askorbin turşusyna baý önümleri iýmeli;

4. Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmaly;

5. Keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda, hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Derman serişdelerini, şol sanda antibiotikleri özbaşdak ulanmaly däl;

6. Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmeli;

7. Gök önümleri kabul edeniňizde, gigiýeniki talaplary berjaý etmeli;

8. Paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýinmeli;

9. Güýz paslynda sagdyn iýmitlenmek üçin kakadylan we şöhlat önümlerini ürç edip iýmekden saklanmaly;

10. Öý şertlerinde gaplanýan azyk önümlerini gigiýeniki talaplara laýyklykda saklamaly;

11. Gap-çanaklar saklanylýan we nahar bişirilýän ýerleriň arassa bolmagyny üpjün etmeli;

12. Maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, keselleriň öňüni alyş sanjymyny öz wagtynda etdirmeli.

Ответить