Gyrgyz Respublikasynyň Hytaýa eksportynyň 51 göterimi altyn

2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Gyrgyzystan Hytaýa 105,2 million dollarlyk önümleri iberdi. Bu barada «aniq.uz» web saýty habar berdi.

         Hytaý gümrük gullugynyň habaryna görä, bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 79,3 million dollar ýa-da 306,2 göterim köpdür.

         Bu döwürde Hytaýa iň işjeň eksport edilen gyrgyz altyny 53,7 million dollar, magdanlar we gymmat bahaly metallaryň konsentratlary –  24,4 million dollar, pagta – 5,4 million dollar boldy.

Ответить