Gyrgyz Respublikasynyň Manas howa menzilinde döwrebap VIP zal açyldy

Bişkekdäki Manas halkara howa menzilinde döwrebap we amatly VIP zal işe başlady. Bu barada «kabar.kg» web neşiri habar berýär.

         Täze VIP zal  halkara howa menziliniň Manas-2 binasynyň ikinji gatynda ýerleşýär.

         Howa menziliniň metbugat gullugynyň habaryna görä, her bir ýolagçy üçin amatly bolan toplumda halkara ülňülerine laýyk gelýän birinji derejeli hyzmat berilýär. Dynç alyş zolagy, sungat zolagy, ene we çagalar otagy, namaz otagy bar. Şeýle hem, premium awtoulagda geçirmek hyzmaty isleg boýunça elýeterlidir.

         Resmi açylyş dabarasyna Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Raýat awiasiýasynyň döwlet gullugynyň müdiri Daniýor Bostonow, «MAM» paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Manasbek Samidinow we hormatly myhmanlar gatnaşdy.

         – Manas halkara howa menzilinde VIP otagynyň açylmagy ýokary hilli hyzmat bermek we her bir syýahatçy üçin ýatdan çykmajak ýakymly pursat döretmek baradaky borjumyzy aňladýar. Uçuşyňyz ýeňil we ýakymly bolsun, asmanyňyz hemişe açyk bolsun. Goý, bu arassa asman bizden başlasyn – diýdi Manasbek Samidinow.

Ответить