Gyrgyz Respublikasynyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň maşgalalary Daşkentde ilkinji gezek görüşdi

Iki goňşy ýurduň Prezidentleriniň maşgalalary Ziroat Mirziýoýewa bilen Aýgül Žaparowanyň ilkinji duşuşygy Gyrgyz Respublikasynyň döwlet baştutany Sadyr Japarowyň Özbegistana bolan resmi iş saparynyň çäginde Daşkendiň Göksaraý saroý köşgünde geçirildi. Bu barada uza.uz elektron gazeti habar berýär.

         Döwlet baştutanlarynyň maşgalary doganlyk halklaryyň arasyndaky dostluk we raýdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek, medeni we gumanitar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada pikir alyşdylar.

         Ziroat Mirziýoýewa bilen Aýgül Žaparowa Kibraý etrabyndaky «Imkon» halkara saglygy dikeldiş merkezine, şeýle hem, ýöriteleşdirilen mekdebe çenli bilim guramasyna baryp gördüler.

Ответить