Gyrgyz Respublikasynyň Ykdysadyýet we söwda ministri Türkmenistanyň Ilçisi bilen duşuşdy

Sişenbe güni – 2024-nji ýylyň 27-nji awgustynda Gyrgyz Respublikasynyň Ykdysadyýet we söwda ministri Daniýar Amangeldiýew Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nury Gölliýew bilen duşuşdy. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Ykdysadyýet we söwda ministrliginiň resmi web sahypasynda habar berildi.

Gyrgyz Respublikasynyň Ykdysadyýet we söwda ministri Daniýar Amangeldiýew ýakynda iki ýurduň arasynda gurnalan birnäçe möhüm çäreler barada belläp geçdi we  Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan demir ýol taslamasynyň durmuşa geçirilmegi babatda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Ol iki ýurduň arasynda halkara ýük gatnamalary babatda netijeli hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerine ünsi çekip, Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan we Hazar deňzi bilen beýleki ýurtlara çykmak üçin ulag geçelgesini ýola goýmagyň möhümdigini we munuň sebitiň ulag-logistika mümkinçiligini ýokardyrmaga şert döretjekdigini belledi.

Şeýle hem senagat pudagyndaky hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nury Gölliýew hem öz gezeginde energetika, oba hojalygy pudagynky netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny aýdyp, özara söwdanyň möçberiniň artýandygyna kanagatlanma bildirdi we Aşgabatda geçiriljek Maýa goýum forumy barada maglumat berdi.

Taraplar 2024-nji ýylyň 24-25-nji iýulynda Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 6-njy mejlisiniň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetini belläp geçdiler.

Duşuşykda hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdürilmegine ynam bildirildi.

Ответить