Habib Nurmagomedowyň «Mercedes-Benz AMG GT»  awtoulagy gyssagly satuwa çykarylýar

«Mash telegram» telegram kanalynyň habar bermegine görä, «Ultimate Fighting Championship»  (UFC) bäsleşiginiň öňki çempiony Habib Nurmagomedowyň  «Mercedes-Benz AMG GT» awtoulagy gyssagly 16 million rubla satylýar. Ol bu awtoulagy iki ýyl ozal awtoulag satyn alypdy.

Ýeri gelende aýtsak, mundan bir aý öň Habib Nurmagomedowyň 79,4 million rubl karzy sebäpli, onuň Russiýadan çykmagy gadagan edilipdi. Kazyýet işgärleri onuň emlägini hasaba almak  we satmak üçin iş amalyna başladylar.

Habib Nurmagomedowyň  awtoulagyny elden gidiresi gelmese-de, ony 20 million rubla satmak kararyna geldi we bahasyny 16 milliona çenli arzanlatdy. Ol «Mercedes-Benz AMG GT» awtoulagyny Mahaçkaladaky üç otagly ýa-da Moskwadaky bir otagly ýaşaýyş jaýy üçin çalyşmagy hem göz öňünde tutýar.

Ответить