«HALKBANK» Telekeçiler üçin uly ýeňilik döretýär.

Халкбанк

Hormatly bölek we söwda nokatlarynyň eýeleri!

Söwda we söwda nokatlarynyň eýeleri we müşderileri üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet söwda banky «Halkbank» sanly bank önümi bolan «Halkbank Terminal» täze hyzmatynyň girizilendigini habar berýär.

«Halkbank Terminal», häzirki zaman we ygtybarly tehnologiýalar esasynda döredilen ykjam programma üpjünçiligi bolup, nagt däl töleglerde ulanylýan adaty töleg terminalyny çalşyp biler. Öz El telefonyňyzda «Halkbank Terminal» programmasyny gurnasaňyz, harytlar we hyzmatlar üçin tölegleri kabul edip bilersiňiz, amallary ýatyryp, yzyna gaýtaryp bilersiňiz, jemläp, töleg taryhyny görüp bilersiňiz. Önümiň ýa-da hyzmatyň bahasy, el telefonyna gurlan “Halkbank Terminal” programmasy arkaly girizilýär we tölenýär.

Satyn alnan harydyň ýa-da hyzmatyň bahasy ykjam telefonyňyzda ornaşdyrylan «Halkbank terminal» mobil ulgamy arkaly girizilýär hem-de töleg geçirilýär. Ykjam telefonlarda “NFC”, ýagny galtaşyksyz töleg tehnologiýasy gurnalan bolsa, onda tölegi geçirmek üçin müşderiniň bank kartyny degişli telefona ýakynlaşdyrmak ýeterlikdir.

Çeşme: HALKBANK

Ответить