Hamaneý Pezeşkiany Eýranyň täze Prezidenti wezipesine resmi taýdan tassyklady
Şu gün – 2024-nji ýylyň 28-nji iýulynda Eýran Yslam Respublikasynyň ruhy lideri Aýatolla Ali Hamaneý Masud Pezeşkiany ýurduň täze Prezidenti wezipesine resmi taýdan tassyklady. Bu barada «parstoday.ir» elektron neşiri habar berdi.
Bu elektron neşiriň maglumatlaryna görä, Eýranyň içeri işler ministri Ahmad Wahidi wagtyndan öň geçirilen Prezident saýlawlary barada resmi beýanat berdi we Eýranyň halkyna saýlawlaryň üstünlikli geçirilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Soňra Aýatolla Ali Hamaneý resmi taýdan Masud Pezeşkiany ýurduň Prezidenti wezipesine tassyklady. Şeýlelikde Masud Pezeşkian ýurduň 9-njy Prezidenti boldy.
Masud Pezeşkian 30-njy iýulda ýurduň Mejlisinde kasam kabul eder. Pezeşkianyň resmi taýdan wezipesine girişmek dabarasyna 10 ýurduň döwlet Baştutany, 15 parlamentiň ýolbaşçysy, 16 wise-prezident, wise-premýerler, parlament ýolbaşçylarynyň orunbasarlary, ministrler, şeýle hem 17 ýurduň wekilçilikli topary gatnaşar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Masud Pezeşkianyň wezipesine girişmek dabarasyna gatnaşar