Hanym Ursula fon der Lýaýen Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirdi

Ýewropa Komissiýasynyň Prezidenti, hanym Ursula fon der Lýaýen  Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ýewropa Komissiýasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan  saýlanmagy mynasybetli iberen gutlag haty üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

         Hanym Ursula fon der Lýaýen  öz minnetdarlyk hatynda halkara jemgyýeçiliginiň şu gün ýüzbe-ýüz bolýan geosyýasy we global kynçylyklaryna ünsi çekdi, dünýäniň güýçli, düýpli we täsirli hyzmatdaşlyga mätäçdigini beýan etdi we Ýewropa Komissiýasynyň Prezidenti wezipesinde zähmet çekýän döwründe Türkmenistan we dünýädäki ähli hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we merkezinde BMG bolmak bilen halkara düzgünlere esaslanýan tertibi goramak üçin ähli güýjüni gaýgyrmajakdygyna nygtady.   

Ответить