Hindistan 2024 – 2025-nji ýyllarda BAE-den 160 tonna altyn satyn almagy meýilleşdirýär

Hindistan 2024-2025-nji maliýe ýylynda Birleşen Arap Emirliklerinden (BAE) 160 tonna töweregi altyn satyn almagy meýilleşdirýär. Bu barada «TASS»  habarlar agentligi «PTI» habarlar agentliginiň täzeliklerine salgylanyp habar berdi.

Altyn importy iki ýurduň arasynda 2022-nji ýylyň 1-nji maýynda güýje giren köptaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyk şertnamasyna laýyklykda amala aşyrylar. Resminama Hindistanda BAE-den ýylda 200 tonna altyn satyn almagy göz öňünde tutýar. 2023 – 2024-nji maliýe ýylynda Hindistanyň BAE-den altyn importy 147,6 göterim  ýa-da 140 tonna artyp, 7,6 milliard dollara ýetdi.

Importy artdyrmak üçin hökümet býužetde görkezilişi ýaly altyn-kümüş gümrük paçlaryny 15 göterimden 6 göterime çenli azaltdy.

Şweýsariýa bu gymmat bahaly metaly Hindistana iň köp eksport ediji döwletdir. Altynlaryň takmynan 40 göterimi Şweýsariýadan, 16 göterimi BAE-den, 10 göterimi bolsa Günorta Afrikadan Hindistana eksport edilýär,

Hindistan her ýyl dünýä bazaryndan 900 tonna altyn satyn alýar, bu bolsa ýurduň importynyň 5 göteriminden gowrak bolýar.

Ответить