Hindistan dünýäde ikinji orunda durýan iň uly ykdysadyýete eýe bolup biler

Ýokary ykdysady ösüş depginlerini görkezýän Hindistan bilermenleriň  belleýşi ýaly,  2048-nji ýyla çenli däl-de, 2031-nji ýyla çenli dünýäde ikinji orunda durýan, iň uly ykdysadyýete eýe bolup biler.

         Russiýanyň TASS habarlar agentliginiň täzeliklerine görä, Hindistan ätiýaçlyk bankynyň başlygynyň orunbasary Maýkl Debabrata Patra žurnalistler bilen bolan söhbetdeşliginde  respublikanyň 2060-njy ýyla çenli dünýäde iň uly ykdysadyýete eýe bolmak mümkinçiliginiň bardygyny aýtdy.

         Patra: «Hindistanyň özboluşly bir ykdysady kuwwatlyklara eýedigini göz öňünde tutup, ýurduň 2048-nji ýylda däl-de, 2031-nji ýyla çenli dünýäde ösüş derejesi boýunça ikinji orunda durjakdygyny we 2060-njy ýyla çenli dünýäniň iň uly ykdysadyýetine öwrüljekdigini aýdyp bolar» – diýip belledi. Şeýle hem, ol ýurduň harytlaryň we hyzmatlaryň eksportyny häzirki derejesinden, ýagny 768 milliard dollardan 2030-njy ýyla çenli 1 trillion dollara çenli ýokarlandyrmak baradaky tagallalaryny artdyrmalydygyny aýtdy.

Ответить