Hindistanyň Deli şäherinde howanyň hapalanmagy netijesinde mekdepler ýapyldy

Şu günden başlap, Hindistanyň paýtagtynyň milli okrugynyň häkimiýetleri howanyň hapalanmagy zerarly şäher mekdepleriniň ýapyljakdygyny habar berdiler. Bu barada habarçylara paýtagtyň baş ministri Arwind Kejriwal habar berdi.

“Hepdäniň dowamynda Nýu-Deliniň ähli mekdepleri ýapylar, sapaklar wirtual geçiriler, sebäbi çagalar üçin howadan dem almak saglyk üçin howply bolup durýar, şäherde ähli gurluşyk işleri-de 14-17-nji noýabr aralygynda togtadylar” diýip, ol aýtdy.

Kejriwal şeýle-de duşenbeden başlap, ähli döwlet edaralarynyň işiniň uzak aralykdan alyp barmak görnüşine geçjekdigini habar berdi, hususy kompaniýalara hem işgärlerini öýde oturyp işletmegiň teklip edilendigini nygtady.

Nýu-Deli, Gurgaon, Noida we Gaziabad şäher eteklerinde 5-nji noýabrdan bäri howa juda hapalanandy, adamlar demgysmadan, gözleriniň awuşamagyndan ejir çekip, lukmanlara ýüz tutýarlar.

Şäheriň howasynyň gurumly tüsse bilen hapalanmagynyň esasy sebäbi paýtagtyň töwereklerindäki güýz hasyly ýygnalan ekin meýdanlarynda hapa-haşal otlaryňdyr gury samanlaryň ýakylmagy bolup durýar. NDTV teleýaýlymynyň habaryna görä, geçen annada paýtagtyň töweregindäki sebitlerde 4 müň sany ýangyn hasaba alnypdyr. Güýzüne Delide howa şemalsyz bolýar, netijede petişlik sebäpli şäherlilere dem almak kynlaşýar.

Ответить