Iň baý hindi maşgalasynyň toýunda hormatly myhmanlara 250 müň dollarlyk sagat sowgat berildi

Iň baý hindi maşgalasynyň mirasdüşeri Anant Ambani toý dabarasynyň hormatly myhmanlaryna gymmat bahaly sagatlar sowgat berdi. Bu barada «News18» portalyna salgylanyp «Oxu.az» web neşiri habar berýär.

         Aziýanyň iň baý telekeçisiniň ogly Anant Ambaniniň we milliarderiň gyzy Radika Merçantyň toýy 12 – 14-nji iýulda öýlenýän ýigidiň öýünde, Mumbaydaky 27 gatly köşkde we «Jio World Family Convention Center» medeni merkezinde geçirildi.

         Habar berişlerine görä, Mukeş Ambani ýigidlere, gelniň joralaryna we beýleki hormatly myhmanlara «Audemars Piguet» brendine degişli 250 müň  dollarlyk  sagatlary sowgat edipdir. Olaryň arasynda meşhur aktýor Şahruh Han hem bar.

          Anant Ambaniniň toýuna 600 million dollardan gowrak serişde sarp edildi. Toý dabarasy Mumbayda üç gün dowam etdi.

         Anant Ambani bilen Radika Merçantyň nikasy ýylyň toýy diýlip atlandyryldy. Mart aýynda ýaş çatynjalaryň toýy Hindistanyň iň gözel ýerlerinden biri –  Udaýpur şäherinde bellendi. Toý üç günläp dowam etdi we bäş ýyldyzly «Oberoi Udaivilas» myhmanhanasynda geçirildi.

Ответить