Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy

Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy. Bu resmi habar «Türkmenistan» gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 24-nji iýulyndaky sanynyň 1-nji sahypasynda çap edildi.

Ответить