Hytaý 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda 9 milliard amerikan dollarlyk agajy we agaç önümlerini eksport etdi

Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda Hytaý agajyň we agaçdan ýasalan önümleriň 9 milliard amerikan dollarlygyny eksport edip, bu ugurda dünýäniň lideri boldy diýip, «Biznes reklama» gazeti şu günki sanynda «myfin.by» portalynyň täzeliklerine salgylanyp habar berdi.

Çeşmäniň ýazmagyna görä, sanawda ikinji orun şu ýylyň birinji ýarymynda 7,1 milliard amerikan dollarlyk agajy we agaçdan ýasalan önümleri eksport eden Kanada degişli. Hasabat döwründe üçünji ýerdäki ABŞ-nyň bu ugurdaky eksporty
5 milliard amerikan dollaryna deň bolupdyr. Şeýle-de ilkinji bäşlikde Germaniýanyň (4,7 milliard amerikan dollary) hem-de Şwesiýanyň (2,1 milliard amerikan dollary) ady bar.

Ответить