Hytaý gaz importyny ep-esli artdyrdy

2024-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Hytaý daşary ýurtlardan 36,92 milliard dollara 75,44 million tonna tebigy gaz satyn aldy. Bu barada «nocomment.az» web saýty Hytaý Halk Respublikasynyň Baş Gümrük gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp, habar berdi.

Ýeri gelende aýtsaň,  Hytaýyň nebit satyn alamsy bolsa  biraz azaldy. Geçen ýedi aýyň netijelerine görä, Hytaý 317,81 million tonna ýangyç import etdi, bu bolsa geçen ýyldakydan 2,4 göterim az. Şol bir wagtyň özünde, pul şertlerinde üpjünçilik 2,8 göterim ýokarlandy we 193,33 milliard dollar boldy.

Russiýa Hytaý energiýa çeşmeleri babatda esasy importçysy bolup durýar. Geçen ýylyň ahyrynda Russiýanyň Hytaýa nebit üpjünçiliginiň mukdary 107 million tonna (tutuş ýyl  bilen deňeşdirilende + 24 göterim), LNG — 8 million tonna (+ 23 göterim) boldy.

Ответить