Hytaý maýa goýumy Täjistanyň ykdysadyýetini kuwwatlandyrar

Täjigistan we Hytaý umumy uzynlygy 171 km bolan demir ýol gurmagy meýilleşdirýärler. Mundan başga-da, Hytaý Täjigistan Respublikasynyň demirgazygynda gün elektrik stansiýasyny gurmagy wada berýär. Bu barada şu gün «aniq.uz» web neşiri habar berdi.

         Iki ýurduň arasyndaky demir ýoluň gurluşygy Täjigistanyň ykdysadyýeti üçin möhümdir. Ulag we aragatnaşyk Täjigistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary bolup, bu ugurda birnäçe möhüm taslamalar durmuşa geçirildi.

         Mundan başga-da, Hytaýyň Datang korporasiýasy Täjigistanyň Sogd welaýatynda kuwwatlylygy 500 MWt bolan gün elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada Täjigistanyň Sogd welaýatynyň metbugat gullugy habar berdi.

Ответить