Hytaý ýakynda 3 ýylyň dowamynda Afrikanyň döwletlerine 50 milliard dollardan gowrak möçberinde maliýe kömegini gönükdirer

Hytaýyň hökümeti ýakynda 3 ýylyň dowamynda Afrikanyň döwletlerine bilelikdäki hyzmatdaşlyk taslamalaryna 360 milliard ýuan ýagny 50 milliard dollardan gowrak möçberinde maliýe kömegini gönükdirer. Bu barada Hytaýyň Başlygy Si Szinpiniň Hytaý-Afrika hyzmatdaşlygy forumynda eden çykyşynda belläp geçendigi «Ata Watan Türkmenistan» halkara žurnalynyň web sahypasynda habar berildi.

HHR-iň Başlygynyň bellemegine görä, 201 milliard ýuan (29.5 mlrd $) karz hökmünde berler, 80 milliard ýuan (11.2 mlrd) dürli görnüşdäki taslamalar üçin kömek hökmünde berler, 70 milliard ýuan (9.8 mlrd $) bolsa, hytaý kompaniýalarynyň maý goýumy hökmünde amala aşyrylar.

Foruma Afrikanyň 50 döwletiniň ýolbaşçylary bilen bir hatarda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş hem gatnaşýar.

Hytaý-Afrika hyzmatdaşlygy forumy 2000-nji ýyldan bäri geçirilýär. Ol nobatma-nobat Pekin hem-de Afrika döwletleriniň biriniň paýtagtynda geçirilýär. Forum Hytaý bilen Afrika döwletleriniň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär. Şol bir wagtda bu forum Hytaýyň “Bir guşak-bir ýol” başlangyjyny ilerletmek üçin ähmiýetlidir.

Ответить