Hytaýda  bir tonna misiň bahasy 11104 dollardan 19 göterim pese düşer    

Haryt analitigi Jeff Kurriniň pikirne görä, misiň bir tonnasynyň bahasy ýakyn wagtda ony iň ýokary sarp ediji ýurt bolan Hytaýda 8500 dollar bilen 9500 dollar aralygynda bolar. Maý aýynda bit tonna misiň bahasy 11104 dollardy. Bu bolsa, misiň Hytaýda misiň bahasynyň 19 göterim pese düşendigini görkezýär.

«Carlyle Group Energy Pathways»-yň baş strategiýa işgäri Kýuri «Bloomberg» teleýaýlymynda eden çykyşynda Hytaýyň gozgalmaýan emläk bazaryndaky gowşaklygyň häzirki wagtda mis sarp etmegiň esasy hereketlendirijisi hökmünde agdyklyk edýändigini aýtdy.

Kýuri we beýleki bazar analitigi Nikolas Snowdon «Goldman Sachs Group Inc.» şereketinde bolan wagtynda, olar 2025-nji ýyla çenli misiň bir tonnasynyň bahasynyň 15 000 dollara ýetjekdigini çakladylar.

Ответить