Hytaýda çagalara TikTok-da günde 40 minutdan köp wagt geçirmek gadagan edildi

TikTok programmasyna eýeçilik edýän ByteDance internet kompaniýasy 14 ýaşdan kiçi ulanyjylar üçin çäklendirme girizdi. Bu barada style.rbc.ru habar berýär.

Hytaýly ulanyjylar üçin täze girizilen düzgünler:

  • çagalar has berk senzura bilen TikTok-yň hytaý görnüşi bolan Douyin-de 40 minutdan köp wagt geçirip bilmezler;
  • çagalar bu programmadan irden sagat 6:00-dan agşam sagat 22:00-a çenli peýdalanyp bilýärler;
  • ähli ene-atalara çagalaryna serwisde at we familiýany tassyklap, barlagdan geçmäge kömek etmek maslahat berilýär.

Belläp geçsek, Hytaý ýaş ulanyjylaryň internet işjeňligini gözegçilik astyna almaga ilkinji gezek synanyşmaýar. Awgust aýynyň ahyrynda Milli metbugat we neşirýat edarasy kämillik ýaşyna ýetmediklere onlaýn oýunlara günde bir sagatdan köp wagt sarp etmegi gadagan edýän permany çykardy. Bu sagady hem diňe belli bir wagtlarda: anna güni, dynç günleri we döwlet baýramçylyk günleri 20:00-dan 21:00-a çenli sarp etmek bolýar.

ByteDance Ltd. – TikTok we Xigua hyzmatlaryna, Toutiao we BaBe habarlar saýtlaryna hem-de Helo sosial ulgamyna eýeçilik edýän Hytaýyň hususy holding korporasiýasy. Kompaniýa 2012-nji ýylda telekeçi Çžan Imin tarapyndan esaslandyrylmak bilen, Alibaba Group, Tencent, Baidu we NetEase bilen bilelikde Hytaýyň internet kompaniýalarynyň “uly bäşligine” girýär. 

Ответить