Hytaýda «Hyptec SSR» elektrik awtoulaglary daşary ýurt bazarlary üçin öndürilip başlandy
Hytaýyň «GAC» kompaniýasy daşary ýurt bazarlary üçin «Hyptec SSR» elektrik awtoulaglaryny öndürip başlady. Tomus aýynyň ahyryna çenli elektrik superkary Günorta-Gündogar Aziýada satuwa çykarylar we şereket bu modeli Ýakyn Gündogarda, Günorta Amerikada we Ýewropa bazarlarynda hödürlemegi meýilleşdirýär. «Hyptec SSR» elektrik awtoulaglarynyň tanyşdyrylyş dabarasy şu ýylyň oktýabr aýynda Pariž şäherinde geçiriljek awtoulag sergisinde bolar diýlip garaşylýar.
«GAC» kompaniýasynyň ilkinji «Hyptec SSR» elektrik awtoulagy geçen ýylyň oktýabr aýynda Hytaýda peýda boldy. Öndüriji ony «Hytaýyň ilkinji elektrik superkary» diýip atlandyrýar. Ýeri gelende aýtsak, «Hyptec SSR» elektrik awtoulaglary Hytaýda öndürilen iň gymmat awtoulaglaryň biridir, olaryň bahasy 1,3 million ýuandan 1,7 million ýuana çenli.
«Hyptec SSR» elektrik awtoulaglary Guançjoý we Los-Angelesdäki «GAC» dizaýn merkezleri tarapyndan döredildi.