Hytaýly zenan ilkinji gezek açyk äleme çykdy

Wan Ýapin açyk äleme çykan ilkinji hytaýly kosmonawt zenan boldy. Ýagny HHR-niň iň uzak kosmos missiýasyna gatnaşyjy Ýapin duşenbede “Týangun” orbital bekedini ilkinji gezek terk edip, alty sagatdan hem gowrak açyk älemde boldy, ol bekediň ýolbaşçysy Çžan Çžigan bilen bilelikde enjamlary oturtmak we synaglary geçrimek bilen meşgullandy. Ýeri gelende aýtsak, Çžan Çžigan 2008-nji ýylyň sentýabrynda açyk äleme çykan ilkinji hytaýly bolupdy.

Häzir olar ýene bir kärdeşleri bilen bilelikde “Týangun” kosmos bekedini gurmak bilen meşgullanýarlar, iş tamamlanandan soňra, “Týangun” 90 tonna töweregi agramda älemde iş alyp barýan hytaý bekedi bolar. Bu beket 15 ýyllap ulanylar, ol her alty aýdan kosmonawtlaryň üçüsini kabul eder.

Hytaý ilkinji dolandyrylýan “Týangun-1” orbital bekedini 2011-nji ýylda açyk äleme çykarypdy, emma ol heläkçilige uçransoň, 2016-njy ýylyň iýulynda dolandyrylýan ikinji hytaý älem bekedi asmana çykaryldy.

Hytaý soňky ýyllarda älem maksatnamasyny işjeň ösdürýär, mysal üçin, hytaý masgezeri Gyzyl planeta gonduryldy we ol maglumatlary Ýere ibermegini dowam edýär.

Ответить