Hytaýyň BYD kompaniýasy Türkiýede elektrik awtoulag önümçiligini ýola goýar

Türkiýäniň Senagat we tehnologiýa ministri Mehmet Fatih Kaji we Hytaýyň BYD kompaniýasynyň başlygy Çuanfu Wang Dolmabahçe işewürlik merkezinde Rejep Taýyp Ärdoganyň howandarlygynda maýa goýum şertnamasyna gol çekdiler.

Şertnama laýyklykda dünýäniň iň uly elektrik awtoulag öndürijisi 1 milliard dollara Türkiýede her ýylda 150 müň sany elektrik awtoulag we gibrid awtoulag öndürýän zawod gurar.

         Täze zawod gurlandan soň, gönüden-göni 5000 sany adamyň iş üpjün edilmegi meýilleşdirilýär.

         «Zavol» atly täze awtoulag 2026-njy ýylda ýurduň günbatarynda ýerleşýän Manisa sebitinde satuwa çykarylar. Mundan başga-da, Türkiýede durnukly hereket tehnologiýalary üçin ylmy gözleg merkezini döretmek meýilleşdirilýär.

         Ýadyňyzda bolsa, şu ýylyň iýun aýynda Türkiýe hökümeti Hytaýda öndürilen içerki ýangyç hereketlendirijileri we gibridleri bolan awtoulaglara 40 göterim gümrük paçlarynyň girizilendigini habar berdi. Kanuna görä, şeýle paçlar diňe Hytaýda öndürilen awtoulaglara salynýar. Şol sebäpli Hytaýyň “Chery” kompaniýasy hem Türkiýede zawod açmak kararyna geldi. Hytaý awtoulag öndürijileri bu ýol bilen eksport paçlaryndan gaça durmaga synanyşýarlar.

Ответить