Hytaýyň Nankin şäherinde «Szýansu — Merkezi Aziýa» söwda merkezi açyldy.

«Biznes reklama» gazetiniň şu günki sanynda habar bermegine görä, Hytaýyň Nankin şäherinde «Szýansu — Merkezi Aziýa» söwda merkezi açyldy. Bu söwda merkezi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň kompaniýalary üçin köp ugurly platforma bolup hyzmat eder.

Merkeziň açylyş dabarasyna gelen myhmanlar Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň kompaniýalarynyň eksport önümlerini özünde jemleýän sergi pawilýony bilen tanyşdyryldy.

Ýeri gelende bellesek, täze söwda merkeziniň Hytaýyň Szýansu prowinsiýasynda açylmagy ýöne ýerden däldir. Bu sebit her ýyl umumy bahasy 266,8 milliard amerikan dollaryndan gowrak senagat we oba hojalyk önümlerini import edýär.

Ответить