Indoneziýa rus nebitini satyn almak üçin tender sanawyna goşdy

Indoneziýanyň döwlet nebit we gaz kompaniýasy Pertamina sentýabr aýynda rus nebitini satyn almak üçin ony tender sanawyna girizdi. Bu barada «Reuters» habarlar agentligi habar berdi.

         Bu habarlar agentliginiň habaryna görä, Pertamina Russiýadan uzak wagt bäri nebit satyn almandyr, ýöne 2022-nji ýylda bu meselä täzeçe nukdaýnazar bilen täzeden seredipdir.

         «Reuters» habarlar agentliginiň habaryna görä, Indoneziýanyň Pertamina kompaniýasy 15-17-nji sentýabr aralygynda Russiýanyň Ural nebitini, 18-20-nji sentýabr aralygynda bolsa Sokol nebitini satyn almak isleýär. Pertamina kompaniýasy iň soňky gezek Sokol nebitini on ýyl mundan ozal satyn alypdy.

Ответить